Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

  • 27.12.2019 05:42
  • 3k+

26-njy dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna baryp gördi.
Türkmen paýtagty Täze ýyly baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Köp öwüşginli bezegler şäheriň köçelerini, meýdançalaryny, seýilgählerini hem-de seýil baglaryny tanalmaz derejede özgertdi. Hemme ýerde, konsert meýdançalarynda we açyk asmanyň astynda çyralar hem-de millionlarça bezeg serişdeleriniň — «ýyldyzjyklar» ýakylan badyna, baýramçylyk dabaralary başlandy. Däp bolşy ýaly, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi bu şadyýan wakalaryň esasy merkezine öwrüldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arça tarap ugrap, Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekledi. Şadyýan çagalaryň çykyşlaryna kanagatlanma we uly höwes bilen tomaşa etdi.
Çagalar bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlananyndan soň, döwlet Baştutany çagalaryň ählisini Täze ýyl bilen gutlady. Olara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkezinden Söwda-senagat edarasyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutany agtyklary bilen bilelikde Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda iň gowy çagalar döredijilik toparlary hem-de aýdymçylar we folklor ýerine ýetirijiler öz ussatlyklaryny görkezdiler.

şu gün 15:15
684

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......