Türkmenistan Dubaýda we Londonda nebitgaz roud-şoularyny geçirer

  • 26.12.2019 04:54
  • 2.8k+

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy 2020-nji ýylda BAE-de we Beýik Britaniýada nebitgaz roud-şoularyny geçrimegi meýilleşdirýär. Bu barada Trend agentligi çäräni guraýjylara salgylanyp habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň prezentasiýasy 2020-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Dubaý şäherinde, 7-8-nji iýulda bolsa London şäherinde geçiriler.
Guramaçylar hökmünde «Türkmen Forum» we Beýik Britaniýanyň «Gaffney, Cline & Associates» kompaniýalary çykyş eder.
Forumyň dowamynda Hazar deňzinde türkmen gaz ýataklaryny özleşdirmek, daşary ýurt maliýe goýumlaryny çekmek we «Galkynyş» gaz käninde nobatdaky özleşdiriş işleri boýunça soraglar maslahatlaşylar.
Şeýle-de, duşuşyklaryň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplar bilen işewürlik gepleşikleriniň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.
Belläp geçsek, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolup, dünýäde dördünji orny eýeleýär. Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda 2030-njy ýyla çenli her ýyl tebigy gazyň 250 milliard kub metri we nebitiň 110 million tonnasy çykarylmak göz öňünde tutulýar.
Häzirki tapgyrda Türkmenistan Hytaýa we Russiýa gaz eksport edýär. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşymy maslahatlaşylýar.
«Roadshow» – bu dürli şäherlerde geçirilýän duşuşyklaryň toplumy bolup, esasy maksady belli bir pudakda daşary ýurt maliýe goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.

17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.7k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...