Türkmenistanyň Baş arçasy Merkezi Aziýada iň beýik arça

  • 23.12.2019 23:11
  • 6.7k+

2019-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň beýik arça hökmünde Türkmenistanyň arçasy ykrar edildi, diýip, Turkmenportal «Sputnik Tajikistan» internet-neşirine salgylanyp habar berýär.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi bezelen ýyldyzy bilen bilelikde 40 metrdir. Ol Aşgabatdaky «Älem» medeni-dyns alyş merkezinde oturdyldy.
Ikinji ýerde Daşkentdäki arça (Özbegistan) — 36 metr. Üçünji ýerde Täjigistandaky arça. Duşenbedäki täze ýyl arçasynyň beýikligi 29 metr. Täjigistanyň Baş arçasy ýylyň-ýylyna boý alýar. Onuň her bir metri ýurt garaşsyzlygyny alamatlandyrýar.
Bişkegiň (Gyrgyzystanyň) esasy arçasynyň beýikligi – 27 metr bolup, onda müňden gowrak oýnawaç we umumy uzynlygy üç kilometr bolan üç ýüzden gowrak girlýanda bar. Iň ýönekeý arça Nur-Soltanda (Gazagystanda).onuň beýikligi bary-ýogy – 25 metr.

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......