Türkmenistanyň Prezidenti “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 23.12.2019 23:08
  • 4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň belli “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzeni kabul etdi.
Býorn Stefan Klauzen Ahal welaýatynda işe girizilen döwrebap senagat toplumynyň – dünýäde ilkinji zawodyň täsin aýratynlyklaryny belläp, bu desganyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmekde aýgytly we ajaýyp çözgüt bolandygyny aýtdy. Onda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik awtomobil ýangyjy senagat möçberinde öndürilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Býorn Stefan Klauzen Gurbanguly Berdimuhamedowa şol zawodda önümçiligiň innowasion häsiýetini tassyklaýan halkara güwänamalaryny gowşurdy.
Şeýlelikde, Daniýa Patyşalygynyň Energetika senagaty federasiýasy kärhanada ornaşdyrylan ekologiýa ölçegleriniň ýokary derejesini belledi, ol daşky gurşawa kömürturşy gazynyň täsiriniň has azdygyny, çykarylýan önümiň kükürtsiz bolmagyny, zyýanly metallaryň bolmazlygyny we aromatiki hem-de olefin uglewodorodlarynyň mukdarynyň bildirilýän berk talaplara gabat gelýändigi üçin ekologiýa taýdan arassa bolup durýandygyny aňladýar, Beýik Britaniýanyň Himiýa inženerleriniň akademiýasy (IChemE) bolsa, TIGAS (tebigy gazdan sintetiki benziniň alynmagy) tehnologiýasynyň kämilleşdirilendigi üçin ýokary baha berdi.
1922-nji ýylda inžener-himiýaçylar we tehnologlar üçin hünär edarasy hökmünde esaslandyrylan IChemE iri guramanyň güwänamasy “Nebit we gaz 2019” ählumumy nominasiýasynyň ýeňijisine gowşuryldy.
TIGAS tehnologiýasy Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod üçin “Haldor Topsoe” kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Ol ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşdyrylyp, energiýa harajatlarynyň hem-de daşky gurşawa täsiriniň azlygy bilen birlikde, ýokary hilli benzini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Belläp geçsek, kärhanada her ýyl “mawy ýangyjyň” 1 milliard 785 million kubmetri gaýtadan işlenilip, şondan EURO-5 ölçegine kybap gelýän ECO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy hem-de suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy öndürilýär.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......