BMG Merkezi Aziýada durnukly syýahatçylyk boýunça kararnama kabul etdi

  • 22.12.2019 23:55
  • 2.7k+

BMG-niň Baş Assambleýasy 19-njy dekabrda plenar mejlisinde «Merkezi Aziýada durnukly syýahatçylyk we durnukly ösüş» atly ýörite Kararnamasyny kabul etdi. Özbegistan tarapyndan işlenilip düzülen we bäş sany Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan öňe sürlen resminamanyň taslamasy BMG-niň agza döwletleriniň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
Resminama awtordaş bolup Demirgazyk we Latyn Amerikasyndan, Aziýadan, Afrikadan we beýleki kontinentlerden jemi 50-den gowrak döwlet çykyş etdi.
Kararnamada 2030-njy ýyla çenli döwürde durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň tagallalarynyň möhümligi bellenilýär. Resminama laýyklykda, gadymyýetde Merkezi Aziýany kesip geçen Beýik Ýüpek ýoly we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bu günki şertler daşary ýurtly syýahatçylaryň bu sebite gyzyklanmasyny artdyrýar.
Bilermenleriň habar bermegine görä, dünýä boýunça eksportyň 7%-i syýahatçylyk ulgamynda, şeýle hem on bir sany iş ornuň biri we dünýäniň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 10%-i syýahatçylyga düşýär. Syýahatçylyk 400 sany pudaga utgaşdyrylan, her ýylda 1,5 trillion amerikan dollary möçberinde girdeji üpjün edýär.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......