BMG-niň ÖM Türkmenistana söwda mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam edýär

  • 21.12.2019 23:46
  • 1.2k+

BMG-niň Ösüş maksatnamasy şu ýylyň dekabryndan başlap, Türkmenistanyň milli söwda mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam edýär. hyzmatdaşlyk boýunça täze taslama Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde amala aşyrylýar. Bu barada BMG-niň ÖM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Taslamanyň maksady — ýerli hünärmenleriň bäsdeşlige ukylylygyny ýokarlandyrmak üçin adam kapitalynyň ösdürilmegi we adam intellektini ykdysady ösüşiň hereketlendirijisine öwrülmegi.
Şeýle hem taslama türkmen eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we eksportda ýokary nyrhly önümleriň möçberleriniň artdyrylmagy maksat edinilýär. Bu öz gezeginde ýurduň importa baglylygyny peselder, diýip resminamany işläp düzüjiler hasaplaýar.
«Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy türkmen hökümeti üçin örän wajypdyr. Biz söwda ýaly möhüm ulgamda BMG-niň ÖM-niň hökümet bilen nobatdaky täze hyzmatdaşlyga başlaýandygyna örän şatdyrys» diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Natia Naswlişwili belleýär.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......