GDA-nyň Liderleri beýik ýeňşiň 75 ýyllygyna taýýarlygy maslahatlaşdylar

  • 20.12.2019 23:42
  • 5.2k+

20-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygynyň geçirilýän ýerinde Türkmen Liderini Russiýanyň Lideri Wladimir Putin garşylady.
Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanlarynyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda çözgütleri kabul edendikleri bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň işine täze itergileriň berilmelidigi barada aýdyp, häzirki wagtda Arkalaşygyň çäginde hem, beýleki döwletler hem-de halkara ykdysady birleşikler bilen özara gatnaşyklarda hem hyzmatdaşlygyň täze, häzirki zaman meýilleriniň hem-de nusgalarynyň zerurdygyny nygtady.
Şu gezekki geçirilen ýokary derejeli resmi däl duşuşyga, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy ýurtlaryň däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesini hasaba almak bilen işjeňlik we oňyn häsiýet bermäge, milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny, şeýle hem bar bolan ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyny artdyrmaga özara gyzyklanmanyň ýene bir aýdyň subutnamasy hökmünde garamak bolar.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......