Xiaomi arzan hem ykjam «Mi Step Out» ýantorbalaryny hödürledi

  • 20.12.2019 23:35
  • 2.7k+

Xiaomi kompaniýasy täze «Mi Step Out» torbalaryny çykardy. Olar noutbuk üçin niýetlenilmese-de, sport eşikleri, aýakgaplar we başga-da peýdaly ownuk-uşaklar üçin iň ýerine düşen karar bolup biler.
Olar suw geçirmeýän köp gatly örtüge eýe bolan 600D berk poliesterden taýýarlanylýar. Onda iki bölek bolup, olaryň ikisi hem çygdan gorag syrma bilen örtülen. Torbanyň sygymy – 12 litr.
Xiaomi «Mi Step Out» torbasynyň agramy bary-ýogy 200 gram, bu bolsa ony gezelenç üçin ulanmaga hem amatly edýär – ony bazarlama wagtynda ýa-da geýimleriňi götermek üçin ätiýaç torba hökmünde ýanyňa almak bolýar.
Torbalar heniz diňe Hindistanda hödürlenildi, ol ýerde olar dört reňkli görnüşde satylar: gara, gara-gök, gök we gyzyl.

şu gün 10:51
433

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
3.9k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......