«Täjibaý» meýdançasyndan tebigy gazyň millionlarça kub metri çykarylyp başlandy

  • 20.12.2019 23:24
  • 2.1k+

Lebap welaýatynyň günortasynda «Täjibaý» täze gaz käni senagat taýdan ulanyşa girizildi. «Lebap gazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri bu ýerde «mawy ýangyjyň» çykaryşyna başladylar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, birinji ulanyş guýusyndan gymmat bahaly energetika çig malynyň onlarça million kub metri alyndy. Gaz guýusynyň gündelik öndürijiligi 450 müň kub metr ýangyja deňdir. Şonuň bilen ugurdaş ýene-de 3 sany gözleg guýusynyň buraw işleri alnyp barylýar.
«Täjibaý» käni 20 ýyldan gowrak öň senagat taýdan ulanyşa girizilen «Malaý» iri gaz meýdançasynyň golaýynda ýerleşýär. Ýakyn ýyllarda promyselde tebigy gazyň çykarylan möçberleri täze guýularyň işe girizilmeginiň hasabyna düýpli artar.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri geçip barýan ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemleýärler. Ýylyň başyndan bäri, «mawy ýangyjyň» 8 milliard kub metrden gowragy we gaz kondensatynyň 50 müň tonnadan gowragy öndürildi.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......