Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen bardy

  • 20.12.2019 22:37
  • 2.8k+

20-nji dekabrda Türmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlandy. Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşar.
Öň habar berlişi ýaly, 18-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Duşuşyk Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler.
Belläp geçsek, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda, ýagny Türkmenistanyň GDA başlyklyk edýän ýylynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde bu resmi däl görnüşdäki duşuşygy geçirmeklik ylalaşyldy.
Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we Arkalaşygyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýokary derejede geçirilen mejlislerinde türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda, GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama kabul edildi.

düýn 22:54
1k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
2.8k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......