Huawei P40 smartfony 2020-nji ýylyň martynda çykar

  • 19.12.2019 23:30
  • 3.7k+

Huawei P40 Parižde martyň ahyrynda geçiriljek ýörite çäre wagtynda görkeziler. Bu barada brend alyjylar bölüminiň ýolbaşçysy Riçard Ýu ady bilen tanalýan Ýuý Çendun fransuz metbugatyna beren interwýusynda habar etdi.
Tanyşdyryşyň anyk senesi heniz atlandyrylanok. Ýöne top-menejer Huawei P40 we P40 Pro smartfonlarynyň mundan öňki lineýkalarda görkezilenlerden tapawutlanýan, düýbünden täze dizaýna eýe boljakdygy barada wada berdi. Mundan başga-da, ýokary derejedäki kamera, maksimal öndürijilik we awtonomlygyň kämilleşdiriljekdigi hem aýdyldy.
Ýene bir bellemeli zat, Riçard Ýu smartfonuň bar bolan ähli kanallar boýunça, şol sanda operatorlaryň hem-de araçylaryň üsti bilen ýaýradyljakdygyny aýtdy. Ol telefonuň EMUI interfeýsli Android 10 dolandyryşyň esasynda işlejekdigini nygtaýar. HarmonyOS içerki operasion ulgam smartfonlarda heniz ulanylmaz.
Riçard Ýu smartfonuň täze programmalar toplumyna we Huawei P40 bilen bir wagtda işe giriziljek Huawei Mobile Services serwisine eýe boljakdygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. Ýatlap geçsek, Huawei Mate 30 Google programmalaryndan we serwislerinden mahrum bolupdy.

şu gün 10:51
528

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......