«Yandex» awtomobilleri sürüjisiz dolandyrmak boýunça öz ulgamyny işläp düzýär

  • 18.12.2019 22:02
  • 2.4k+

«Yandex» sürüjisiz dolandyryş ulgamy üçin lidarlary we kameralary işläp düzýär. Täze sensor bilen üpjün edilen ilkinji sürüjisiz awtomobiller eýýäm synagdan geçip başlady.
Sürüjisiz awtomobilde sensoryň üç sany esasy görnüşi bar: kameralar, radarlar we lidarlar. Bu sensorlaryň berýän maglumatlarynyň birikmegi daşky dünýä barada has anyk maglumatlary bermäge mümkinçilik döredýär. Radar obýekti 300 metre çenli daşlykdan anyklap we onuň tizligini kesgitläp bilýär, ýöne şol obýektiň tipini kesgitlemek üçin maglumatlaryň anyklygy ýeterlik däl. Kamera daş-töwerekdäki predmetlere doly syn etmäge hem-de diňe bir obýektiň tipini kesgitlemäge däl-de, eýsem, ýol belgilerindäki ýazgylar ýa-da ýol yşyklarynyň signallary ýaly detallary hem bilmäge mümkinçilik berýär. Lidar giňişligi obýektlerden serpigip, daş-töweregiň üç ölçegli şekilini döredýän lazer şöhleleri arkaly skanerleýär. Kameralardan tapawutlylykda, lidar şöhlelenme şertlerine bagly bolmaýar hem-de radara garanda obýekt barada has köp maglumat berýär. Lidar – sürüjisiz awtomobiller üçin iň möhüm we iň gymmat sensor.
«Yandex» birbada lidaryň iki tipi bilen işleşýär. 360 gradus syn etmeli birinji lidar sürüjisiz awtomobiliň töweregindäki obýektler barada informasiýa ýygnaýar. Ikinjisi gaty düzümli lidar. Ol 120 gradus syn etme burçuna eýe we awtomobiliň öňündäki obýekt barada has anyk maglumat almak üçin ulanylyp bilner.
Lidarlaryň üstünden doly gözegçiligiň kömegi bilen sürüjisiz dolandyryş ulgamy dürli ýol ssenariýalary we howa şertleri üçin iň amatlysyny saýlamak bilen skanerleme parametrini hereket wagtynda üýtgedip bilýär. Meselem, 200 metr daşlykdan anyk şekilini alyp, ýolda geçelgäniň ýa-da welosipedçiniň bardygyny daşdan anyklamak we aýratyn obýektde fokusirlenmek bolýar. Lidarlar bilen bir hatarda «Yandex» hususy kameralaryny hem barlagdan geçirýär.

düýn 18:51
4.7k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....