Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

  • 18.12.2019 11:03
  • 7.6k+

17-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň taslamalary hem-de «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Iş saparynyň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow Tähran köçesiniň ugrunda «Beýik — Bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan söwda we dynç alyş merkezine baryp gördi.
Bu ýerde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ägirt uly kuwwatyny, onuň önümçilik binýadynyň innowasion ulgamyny, türkmen şähergurluşygynyň we binagärliginiň maddy-enjamlaýyn mümkinçiliklerini, kemala gelýän döwrebap şäher we ulag düzümini beýan edýän sergi görkezildi.
Döwlet Baştutany bu ýerde görkezilen eksponatlar bilen tanşyp, ýurdumyzda desgalaryň gurluşygynda diňe ýokary talaplara hem-de standartlara laýyk gelýän önümleriň ulanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow desgalary gurmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň netijeli we maksada laýyk ulanylmagyny, ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli «Aşgabat — Türkmenabat» awtobanynyň gurluşygyna baryp gördi. Uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu uly ýoluň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde tehnikalaryň nusgalary, awtobanyny gurmagyň çyzgylary ýerleşdirilen planşetler bilen bilen tanyşdy.
Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy hem-de «Hyzmat merkezi», «Edermen», «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri ýoluň gurluşyk işlerini amala aşyrýar. Habar berlişi ýaly, bu taslamanynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar.
Döwlet Baştutany bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ýörite satyn alnan demikdiriji maşynlaryň birine münüp, onuň tehniki we ulanyş häsiýetleri bilen gyzyklandy. Awtobana asfalt düşemegiň tehnologiýasy hem-de gurluşyk serişdeleriniň, ýörite ölçeýji abzallar bilen tanyşdy. Şeýle hem yşyklandyryş ulgamynyň, bölüji zolagyň gurluşlarynyň hem-de awtobanyň gapdal germewleriniň nusgalary görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......