Kiçijik elektron kitap hödürlenildi

  • 18.12.2019 06:21
  • 2.2k+

Tencent hytaý giganty 16-njy dekabrda ýurtda ikinji nesliň elektron kitaplaryny okamak üçin Tencent Pocket Reader II ady bilen täze gurluşy resmi taýdan işe girizdi. ABŞ-nyň 158 dollary bilen bahalandyrylan bu önüm birnäçe reňkli wariantda hödürlenilýär: gara, ýaşyl we gyzyl.
Tencent Pocket Reader II 130 gramdan gowrak massaly bolup, 145x75x8,5 mm göwrüme eýedir. Ol 284 PPI pikselli we elektron syýa tehnologiýaly 5,2 dýuýmlyk Carta 2 ekran bilen üpjün edilen. Ekrany ýagtylandyrmak üçin 36 sany diod yşyklary ulanylýar. Köp sanly döwrebap smartfonlar dünýäsinde ol hakykatdan-da “körpeje smartfondur”.
Enjam ARM Cortex – A53 ýadrolaryndan ybarat bolan dört ýadroly prosessor esasynda döredilen. Enjamda şeýle-de ulanyjylara sahypalary geçirmäge mümkinçilik berýän fiziki düwmeler hem oturdylypdyr.
Şeýle hem önüm 4G torunda hem işläp bilýär, ýagny onda jaň etmek hem-de tekst sms-lerini alyşmak mümkinçiligi hem bar. Elbetde, onda Wi-Fi moduly hem bar. Ulanyjylar awiarežimi-de işledip bilýärler.
Şol bir wagtda gajet ulanyjylara öz kitaplaryny Bluetooth ýa-da USB-niň üsti bilen import etmäge-de mümkinçilik berýär. Ol täzelenme režimini özbaşdak saýlap bilýär we okamak üçin köp sanly programmalary bar.
Enjam 2000 mA/sag sygymly akkumulýatordan iýmitlenýär we USB-C zarýad berme porty bar.

şu gün 10:51
528

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......