Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynda sebitleri ösdürmegiň meselelerine seretdi

  • 17.12.2019 06:21
  • 2.7k+

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-njy dekabrda geçiren nobatdaky iş maslahatynyň gün tertibine sebitleri we paýtagtymyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.
Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.
Maslahatyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, möhüm ähmiýetli täze gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem Täze ýyly garşylamak hem-de bu mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler barada habar berildi.
Soňra welaýat häkimleri sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, pagta meýdanlarynda galan hasyly ýitgisiz ýygnamak boýunça geçirilýän çäreler, güýzlük bugdaýa ideg etmek, olara ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ekin meýdanlaryny we tehnikany täze ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatlarda bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň barşy, ilaty ýylylyk, suw, gaz hem-de elektrik energiýasy bilen talabalaýyk üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.
Şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimi Gurbanguly Berdimuhamedowa Ahal welaýatynda ýurdumyzyň sebitleriniň hatarynda ilkinji bolup, döwlet dolandyryş ulgamyna sanly maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy, şol sanda elektron resminamalar dolanyşygynyň girizilendigi barada hasabat berip, bu usulyň işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edendigini aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyza munuň üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......