Bilermenler 2019-njy ýylda has köp isleg bildirilen kärleri anykladylar

  • 16.12.2019 17:10
  • 3.5k+

«LinkedIn» kompaniýasy barlag geçirdi we ösen hem-de ösýän döwletlerde has isleg bildirilýän kärleri anyklady. Bu kärleriň tas hemmesi diýen ýaly, IT bilen baglanyşykly. Şol bir wagtda, IT tehnologiýalaryna bagly bolmadyk başga-da käbir kärler ýüze çykaryldy.
Serwis dört kontinentiň 17 ýurdunda barlag geçirdi. Her ýurtdan üç sany isleg bildirilýän kärleri ýüze çykardy. Olaryň köpüsi meňzeş geldi: meselem, 8 sany ýurtda emeli intellekt boýunça, 9-synda bolsa – robottehnik inženeri hünärmen iň bir islenilýän kär bolup çykdy.
Muňa garamazdan, üçlükde menejerlere, marketologlara we hatda öň has islegli bolan – gozgalmaýan emläk boýunça hukukçylar we agentler ýaly kärlere-de orun tapyldy. Aşakda barlag geçirilen käbir ýurtlaryň sanawy we barlagyň netijeleri ýerleşdirilen:
Awstraliýa
1.Emeli intellekt boýunça hünärmen
2.Kiber howpsuzlyk boýunça hünärmen
3.Inžener-robottehnik
Awstriýa
1.Maglumatlary analizleme boýunça hünärmen
2.Sanly marketing boýunça hünärmen
3.Fullstack işläp düzüji
Beýik Britaniýa
1.Emeli intellekt boýunça hünärmen
2.Protection Officer maglumatlaryny goramak boýunça hünärmen
3.Inžener-robottehnik
Germaniýa
1.Emeli intellekt boýunça hünärmen
2.Saýtyň ygtybarlylygy boýunça inžener
3.Müşderileriň üstünligi boýunça hünärmen
Hindistan
1.Blockchain işläp düzüji
2.Emeli intellekt boýunça hünärmen
3.Javascript işläp düzüji
Irlandiýa
1.Emeli intellekt boýunça hünärmen
2.Kiber howpsuzlyk boýunça hünärmen
3.Müşderileriň üstünligi boýunça hünärmen
Italiýa
1.Maglumatlary goramak boýunça hünärmen
2.Satuw boýunça hünärmen
3.Göwrümli maglumatlary işläp düzüji
Kanada
1.Emeli intellekt boýunça hünärmen
2.Saýtyň ygtybarlylygy boýunça inžener
3.Wagt-inžener
Niderlandlar
1.Maglumatlary goramak boýunça hünärmen
2.Ösüş soraglary boýunça hünärmen
3.Konfidensial soraglar boýunça hünärmen
Täze Zelandiýa
1. Kiber howpsuzlygy boýunça hünärmen
2.Wagt-inžener
3.Fullstack işläp düzüji

düýn 15:15
971

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......