Dutar — ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girdi

  • 14.12.2019 11:32
  • 3.2k+

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça komitetiniň Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen 14-nji mejlisinde däbe öwrülen dutar ýasamaklyk işi we onda saz çalmaklyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu barada ORIENT guramanyň internet portalyna salgylanyp habar berýär.
Bu barada arza Eýran tarapyndan berildi. Iki tardan ybarat bolan bu saz guraly Eýran, Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynda giňden ýaýrandyr. Ol Türkmenistanda hem örän meşhurdyr.
Dutar — türkmen halkynyň köp asyrlyk sazçylyk medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Islendik toý dabarasy ýa-da döwlet derejeli baýramçylyk çäresi halk aýdymçylarynyň — bagşylaryň çykyşlary bolmazdan geçirilmeýär. Ähli zamanlarda hem bagşylar halk arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Olaryň atlary rowaýata öwrülip gidipdir. 
Şükür bagşy bilen baglanyşykly bolan waka hemmeleriň ýadynda bolsa gerek. Meşhur bagşy sazyň güýji bilen gandöküşikli söweşiň öňüni alypdyr.
Bagşylar bilen bir hatarda dutar taýýarlaýan ussalar hem aýratyn hormata eýedir.

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......