Türkmenistanda korrupsiýa üçin iş kesilenlere günä geçmek çäresini ýatyrýan Kanun kabul edildi

  • 13.12.2019 23:56
  • 14k+

Türkmenistanda korrupsiýa üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilenlere günäsini geçmek we amnistiýa çäreleri ýatyryldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda degişli Kanuna gol çekdi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Kanuna laýyklykda, kodeksiň 80-nji maddasynyň üsti şu bölek bilen doldurylar: «Korrupsiýa we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň hem-de olaryň prekursorlarynyň bikanun ýaýradylmagy bilen bagly jenaýatlar üçin iş kesilenler, günäkär diýlip tassyklananlar üçin günä geçmek we amnistiýa çäreleri ulanylmaýar». Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň hem-de olaryň prekursorlarynyň bikanun ýaýradylmagy üçin jenaýat edenlere günä geçmekligi gadagan etmeklik 2015-nji ýylda kabul edildi. 
Degişli Kanun onuň resmi taýdan neşir edilen gününden, ýagny 13-nji dekabrdan güýje girýär.
Belläp geçsek, Türkmenistanda günä geçmek çäreleri döwlet baýramçylyklary we şanly seneler mynasybetli ýylda birnäçe gezek geçirilýär.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......