Aşgabatda adam söwdasyna garşy göreş meseleleri maslahatlaşyldy

  • 13.12.2019 19:04
  • 7.6k+

13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä Halkara Migrasiýa guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça Utgaşdyryjysy, Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalaryň ýolbaşçysy Z.Gajiýew hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork ş.), BMG-niň Ženewa we Wena bölümleriniň ýanyndaky Hemişelik wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň umumy maksady Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyndan gelip çykýan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak we olary okatmak arkaly adam söwdasy howpunyň öňüni almak babatdaky meseleler hakynda aýratyn pikir alşyldy. Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary kämilleşdirmek ýoly bilen bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar.
Belläp geçsek, 6-njy dekabrda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklamak boýunça degişli Karara gol çekdi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......