«Goldman Sachs»: 2020-nji ýylda «Brent» nebitiniň spot bahasy 63 dollar bolar

  • 13.12.2019 10:09
  • 1.8k+

2020-nji ýylda «Brent» nebitiniň ortaça spot bahasy 63 dollara deň bolar – diýip, Goldman Sachs amerikan bankynyň bilermenleri çaklaýarlar. Bu barada Bloomberg agentligi maliýe institutynyň hasabatyna salgylanyp habar berýär.
Goldman Sachs OPEC+ ýurtlarynyň birinji çärýek üçin nebit çykarmagyň ylalaşygynyň şertlerini üýtgetmek hakyndaky çözgütleriniň netijesinde has öňräkki bahalandyrmalaryny düzetdi. 1-nji ýanwardan başlap, olar bazardan günde 1,7 mln barrel nebiti aýyrmaly. Üýtgetmäniň maksady – gyş möwsüminde islegiň az şertlerinde bazarda deňagramsyzlyga ýol bermezlik bolup durýar.
Öň bankyň analitikleri 2020-nji ýylda «Brentiň» ortaça spot bahasynyň 60 dollar boljakdygyny çaklaýardylar. Uzakmöhletleýin çaklama üýtgewsiz galdy — barreli üçin 55 dollar.
Goldman Sachs Group — dünýäniň maliýa konglomerat bolup durýan iň iri maýa goýum banklarynyň biri. 2013-nji ýylyň 20-nji sentýabryndan bäri Dou-Jonsuň senagat indeksine girýär. 2011-nji ýyldan bäri global ähmiýetli banklaryň ulgamyna girýär.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......