Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy

  • 11.12.2019 06:11
  • 4.5k+

10-njy dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, dürli maksatly iri desgalaryň birnäçesinde gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş desgasynyň — 130 orunlyk Ýanyk şikeslerini bejeriş Halkara merkeziniň, «Garagum» köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasyndaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Nusaý» myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurulýan belent ýaşaýyş jaýlarynyň bezeginde öz beýanyny tapjak mozaiki pannonyň çyzgylary hödürlenildi.
Şol gün iş saparynyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy, «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......