Bilermen türkmen talyplarynyň näçesiniň daşary ýurtlarda bilim alýandygyny aýtdy

  • 09.12.2019 21:21
  • 7.1k+

2019-njy ýylyň güýzüne çenli ýagdaýa görä, Merkezi Aziýa boýunça synçy Wadim Şagiahmedowyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan 95 müňe golaý talyp bilim alýar. Türkmen ýaşlary dünýäniň 61 döwletinde ýokary bilim alýarlar. Bu barada CentralAsia.news habar berýär.
— Türkmen ýaşlarynda ýokary bilim almaga bolan ymtylyş aýratyn duýulýar. 2019-2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri 12 müňden gowrak talyplary kabul etdiler. Ýerli ýokary okuw mekdeplerine girip bilmedikler daşary ýurtlara bilim almaga gitdiler. Munuň üçin, isleg bildirýänlere ähli zerur şertler döredilýär – diýip, bilermen aýtdy.
Ekspertiň maglumatlaryna görä, ýaş türkmenistanlylar, esasan, Russiýa, Türkiýä, Belarusa, Ukraina we Özbegistana bilim almaga gidýärler. Sanawy Gazagystan, Täjigistan we Hytaý dowam edýär.
— Türkmen talyplary Bu ýurtlary ýöne ýerden saýlanoklar. Birinjiden, bu ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okuw üçin tölegler elýeterli. Ikinjiden, şol ýerlerde türkmenistanlylar aragatnaşyk etmekde, ýagny dil bilmekde kynçylyk çekmeýärler. Üçünjiden, bu ýurtlaryň eýýäm köp sanly ýaş talyplaryň okap ýörmegi, olaryň tiz uýgunlaşmagyna ýardam edýär – diýip ekspert belleýär.
Belläp geçsek, şu ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri 12 müňden gowrak talyp kabul etdiler, şolardan 8 müňden gowragy tölegli esasda bilim alýar.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......