Şäher häkimligi seýilgähleriň iň owadan Täze ýyl bezegi boýunça bäsleşik yglan etdi

  • 09.12.2019 15:49
  • 5.5k+

Täze ýyl baýramyny ýokary derejede belläp geçmek, şonuň bilen bir hatarda şäheriň seýilgähleriniň gözelligini artdyrmak maksady bilen Aşgabat şäher häkimligi dizaýnerleriň arasynda paýtagtyň seýilgähleriniň iň owadan Täze ýyl bezegi boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada Orient habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bäsleşik paýtagtyň iň gelim-gidimli ýerlerini ajaýyp bezegler bilen bezäp, Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýetip gelýän Täze ýylyň baýramçylyk ruhuny sowgat etmek we baýramçylyk äheňini döretmek maksady bilen geçirilýär. Şol bir wagtda bezeg işlerinde milli äheňlere we sýužetlere aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, däp bolan nagyşlaryň, halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri has özüne çekiji hasaplanylýar.
Bäsleşigiň emin-agzalary Aşgabadyň 19 sany seýilgähiniň Täze ýyl bezegine baha bererler. Şolaryň hatarynda «Ylham» seýilgähi, Garaşsyzlyk seýilgähi, Kemine seýilgähi, «Delfin» seýilgähi, «Güneş» we beýlekiler bar.
Ýeňijiler 20-nji dekabrda yglan ediler. Olara ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......