Выявлены сильнейшие военные психологи Туркменистана в 2019 году

  • 08.12.2019 22:59
  • 5.5k+

5-6-njy dekabrda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen «Ýylyň harby psihology» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda birinji orna we «Ýylyň harby psihology» adyna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin hünärmenleri taýýarlamak müdirliginiň psihology, maýor Aýna Rahmanowa mynasyp boldy. Ikinji orny Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň psihology maýor Nabat Nurgeldiýewa, üçünji orny Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň psihology kapitan Sona Joraýewa eýelediler. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada «Milli goşun» elektron neşiri habar berýär.
Harby psihologlar harby gullukçylary dürli söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmäge ruhy taýdan taýýarlaýar, harby toparlarda dostluk gatnaşyklaryny saklamaga ýardam edýär, harby gullukçylaryň psihologik ýagdaýyny seljerýär. Harby psihologlaryň arasynda bäsleşigiň geçirilmegi olaryň hünär başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.
Bäsleşigiň şertleri boýunça psiholog serkerdeler 2019-njy ýylyň dowamynda öz harby bölümlerinde geçirilen işler barada prezentasiýalar, deslapky hünär mowzuklary boýunça nutuklar bilen çykyş etdiler, test soraglaryna jogap berdiler, öz tejribelerinde ulanýan dikeldiş usullary barada gürrüň berdiler.
Milli goşunymyzyň hemme harby bölümlerinde ýörite psihologiki kömek beriş we dikeldiş otaglary döredildi. Olar ýumşak mebeller, aýdym diňlemek, wagyz-nesihat işlerini geçirmek we wideoşekilleri görmek üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilen. Harby psihologlar şahsy düzüm we esgerleriň ene-atalary bilen ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirýärler, psiholigiýa hepdeliklerini geçirýärler.
Harby psihologlar tarapyndan esgerler üçin geçirilýän psihologiki testler uly ähmiýete eýedir. Olaryň kömegi bilen esgerleri taýýarlamak boýunça teklipler berilýär, terbiýeçi serkerdeler tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň mazmuny kesgitlenilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar şahsy düzüm bilen işlemek üçin taýýarlanan öz okuw gollanmalarynyň ýigrimiden gowragyny emin-agzalaryň garamagyna hödürlediler.

вчера 19:48
896

Google Translate начал использовать ИИ Gemini. Он лучше понимает контекст

Google внедрила систему искусственного интеллекта Gemini в сервис Google Translate, благодаря чему переводы стали точнее и естественнее. Об этом сообщает издание MacRumors....

вчера 17:05
6.2k+

В деньгах ли счастье? Ученые дали этому вопросу научный ответ

Деньги для современного человека значат больше, чем когда-либо за последние 30–50 лет. К такому выводу по итогам нового исследования пришла группа ученых под руководством профессора Джин Твенге из Университета......

вчера 15:40
1.2k+

«Тень прошлого»: Питер Джексон готовит новый фильм по «Властелину колец»

Warner Bros. работает над новым фильмом во вселенной «Властелина колец» под названием «Тень прошлого». Об этом сообщил режиссёр Питер Джексон....

вчера 15:21
2.2k+

В Нидерландах нашли возможное захоронение мушкетёра д’Артаньяна

В Нидерландах обнаружены останки, которые могут принадлежать мушкетёру д’Артаньяну. Об этом сообщает телеканал NOS....