Ýylyň dowamynda adamlaryň syýahat baradaky arzuwlara näçe gününi sarp edýändikleri hasaplanyldy

  • 06.12.2019 14:42
  • 2.9k+

Pikir soraşma geçirmeklige ýöriteleşdirilen OnePoll kompaniýasy adamlaryň indiki syýahatlary baradaky arzuwlaryna näçe minudyny ýa-da sagadyny sarp edýändiklerini anyklamak üçin 2 müňden gowrak adamdan pikir soraşma etdi. Bu barada «Lonely Planet» neşiri ýazýar.
Barlagyň dowamynda pikir soraşylanlaryň 82%-i, umuman, indiki gezelenji baradaky arzuwlara wagt sarp edýän ekenler. Munuň üçin olar ýylda ortaça 200 sagat ýa-da 24 doly iş gününi sarp edýärdiler. Orta statistik syýahatçy ýörite web-saýtlaryň öwrenilmegine aýda 37 minut sarp edýär. Olardan 48%-i bu prosesi nahar wagtynda ýerine ýetirýär. Gatnaşyjylaryň 65%-i, syýahat saýtlaryny görýändiklerini boýun aldylar, çünki olaryň puly ýokdy, diýmek syýahat üçin hem mümkinçilik ýokdy.
Barlagyň başga-da käbir netijeleri habar berilýär. Sorag edilenleriň dörtden üç bölegi rugsat günlerini meýilleşdirenlerinde internet-saýtlaryny görýärler. Şonuň bilen birlikde, syýahatçylaryň üçden bir bölegi başga biriniň pikirlerine ynanýarlar we her gezelenjiniň öň ýanyndan olara bil baglaýarlar. Dostlaryndan we maşgalasyndan maslahat almaga on adamdan ýedisi gatnaşýar. 79% syýahatçy syýahat baradaky iň gowy teklibi saýlamakda aladalanýarlar. 
Soragyň dowamynda başga-da gyzykly faktlar anyklanyldy. Ýagny, sorag edilenleriň 73%-i öz gezelenjiniň haýsy hem bolsa bir bölegini bronlamagy ýatdan çykarýarlar. Respondentleriň ýarysy gezelenji meýilleşdirmegiň – syýahata taýýarlygyň iň agyr tapgyrydygyny boýun aldylar. Ýene 62%-i uçuş gözleginiň hemişe iň dartgynly ýagdaýdygyny belleýärler. Her ikinji diýen ýaly esasy kynçylygyň öňünden gezelenç üçin haýsy hem bolsa bir işi tapmakdygyny hem-de ýoly düzmekdigini belleýärler.
Şu ýylyň ýazynda fin alymlary dynç alşyň iň amatly dowamlylygyny kesgitlediler. Ol 7 günden 11 güne çenli barabar. Finleriň aýtmagyna görä, adama “öçmek” hem-de işi barada ýatdan çykarmak üçin hepdeden biraz köpräk wagt gerek. Ýöne dynç alşyň dowamlylygynyň 11 günden artyk bolmagy adamlaryň elektron poçtalary we iş stolunda üýşen ýumuşlary barada alada edip başlamagyna getirýär. 

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......