Türkmenistanyň we Russiýanyň özara haryt dolanyşygy 80% artdy

  • 06.12.2019 12:07
  • 3.8k+

2019-njy ýylyň geçen 9 aýynda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 80 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň saýty habar berýär.
Iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösüşiniň täze derejesine çykdy. Russiýaly işewür toparlarda we telekeçilerde ýurdumyzyň polietilen we polipropilen önümleri uly gyzyklanma döretdi. Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistandan import edilýän harytlaryň sanawynda plastmass önümleri birinji ýerde durýar. Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna iberilen polimerleriň umumy bahasy 47 mln 665 müň amerikan dollaryna barabardyr.
2019-njy ýylyň 9 aýynda türkmen nebit önümleriniň eksportynyň bahasy 6,7 mln amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,8 esse köpdür.
Öň habar berlişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygy hereket edýär. 

düýn 23:57
437

Serdar Berdimuhamedow Rimde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy. Işewür Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi...

düýn 11:07
5.2k+

Serdar Berdimuhamedow Rimde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyşyna gatnaşdy

Italiýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir...

düýn 10:55
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik forumynda çykyş etdi

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär. «Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklaryň...

düýn 09:03
2.8k+

Türkmenistan hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde ABŞ-da hemişelik bitaraplyk tejribesini görkezdi

24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Waýoming Döwlet uniwersitetiniň kampusynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň ýolbaşçylygynda we goldaw bermeginde gurnaldy...