Türkmenistanyň Prezidenti Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 06.12.2019 06:33
  • 7.1k+

5-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikow bilen geçiren iş maslahatynda milli ykdysadyýetiň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny, aýratyn hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe düzümleriniň işine geçirilen seljermeler barada hasabat berdi.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň uzak möhletli durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, sanly ykdysadyýete geçmek işini işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow maýa goýumlaryny çekmegi, has bähbitli ugurlar boýunça eksport kuwwatyny artdyrmagy we importyň düzümini amatly ýagdaýa getirmegi geljekki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Bu ugurda Ýokary gözegçilik edarasynyň öňünde durýan wezipäniň edaranyň degişli guramalar bilen sazlaşykly işini üpjün etmekden ybaratdygy nygtaldy.
Iş maslahatynyň barşynda «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişi, bu ugurda döwlet gözegçiligini guramak boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......