Gökdepedäki täze ýyladyşhanada her ýyl pomidoryň 2800 — 3000 tonnasyny almak meýilleşdirilýär

  • 06.12.2019 00:48
  • 3.2k+

Gökdepe etrabynda«Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde «Rysgal ojagy» hojalyk jemgyýeti tarapyndan döwrebap täze ýyladyşhana guruldy. Dört bölümden ybarat ýyladyşhananyň umumy meýdany 30 gektara deňdir. 10 gektar meýdanda eýýäm pomidor şitilleriniň 212 müňden gowragy oturdyldy.
Dabara welaýatyň häkimi S.Berdimuhamedow, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.
Bu ýerde esasan tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy we tagamy bilen tapawutlanýan dünýä belli pomidorlaryň görnüşleri ösdürilip ýetişdiriler. Her ýyl ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, içeri hem-de daşary bazarda uly islege eýe bolan pomidoryň 2800 — 3000 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar.
Ýyladyşhana Gollandiýadan, Ispaniýadan, Daniýadan, Türkiýeden satyn alnan döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi. Olar şitilhanada kesgitlenen temperatura we ýagtylyk düzgünini, howanyň çyglylygyny awtomatik usulda saklamaga hem-de gözegçilik etmäge, topragy gurplandyrýan maddalar bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmak üçin arylar ulanylar, bu bolsa ekologiýa nukdaýnazaryndan örän wajypdyr.
Ýyladyşhananyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy serişdeler ulanyldy. Şeýle hem bu ýerde sowadyjy enjamlar bolup, olar gök önümleri terligine saklamaga ýardam edýär.
Bu kärhananyň işgärleriniň agramly bölegini ýaşlar düzýär. Häzir bu ýerde ýaş hünärmenleriň 120-ä golaýy iki iş çalşygynda zähmet çekýärler. Olaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredildi. Naharhana, dynç almak üçin otaglar göz öňünde tutuldy.

düýn 23:57
437

Serdar Berdimuhamedow Rimde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy. Işewür Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi...

düýn 11:07
5.2k+

Serdar Berdimuhamedow Rimde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyşyna gatnaşdy

Italiýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir...

düýn 10:55
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik forumynda çykyş etdi

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär. «Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklaryň...

düýn 09:03
2.8k+

Türkmenistan hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde ABŞ-da hemişelik bitaraplyk tejribesini görkezdi

24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Waýoming Döwlet uniwersitetiniň kampusynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň ýolbaşçylygynda we goldaw bermeginde gurnaldy...