ABŞ-ny öwreniş maksatnamasyna gatnaşmak üçin anketalar kabul edilýär

  • 06.12.2019 00:10
  • 5.1k+

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we barlagçylar üçin «Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwreniş institutlary» Maksatnamasyna gatnaşmak üçin açyk bäsleşik yglan edýär. Bu barada ilçihananyň saýtynda habar berilýär.
Maksatnama öz içine şu aşakdaky ugurlary alýar:
• Amerikan medeniýeti we gymmatlyklary
• Amerikan syýasaty we syýasy pikirlenme
• Häzirki zaman amerikan edebiýaty
• Žurnalistika we HBS
• Din azatlygy we plýuralizm
• ABŞ-nyň daşary syýasaty
• Ýaşlar, işçi güýjüni ösdürmek we başarnyklardaky boşluklary aradan aýyrmak
Dalaşgärler şu aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:
• Dalaşgärler karýera ýolunyň ortasynda bolmaly, ýokary bilim edaralarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenler bolmaly.
• Dalaşgärleriň ABŞ-de çäkli iş/okuw tejribesi bolmaly ýa-da bu hili tejribe asla bolmaly däl.
• ABŞ-ny öwrenişi bilim maksatnamasyna goşmak, öwrenilýän institut boýunça täze predmetleri işläp düzmek, ABŞ boýunça bar bolan kurslary gowulandyrmak ýa-da giňeltmek boýunça anyk meýilnamalary bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
• Dalaşgärler karýera ösüş ýolunyň ortasynda bolmaly, adatça, 30-50 ýaş aralygynda bolmaly.
• Dalaşgärler intensiw okuw maksatnamasyna, şeýle hem okuw saparyna gatnaşmaga doly taýýar bolmaly.
• Her bir dalaşgär şu maksatnama näme üçin gatnaşmak isleýändigini, gatnaşyp näme gazanmak isleýändigini beýan etmeli (aýratyn sahypada).
• Dalaşgärleriň ählisi okuw materiallaryny öwrenmek hem-de seminarlara işjeň gatnaşmak üçin iňlis diline ýeterlik derejede erkin erk etmeli.
• Maksatnama aýratyn gyzyklanma bildiren dalaşgärlere artykmaçlyk berler. Bu barada olaryň öňki ylmy barlaglary, hünär işi habar berer.
Maksatnama uçuşyň, ýaşaýşyň, okuw materiallarynyň, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasynyň we beýleki çykdajylaryň ählisini öz üstüne alýar.
Anketany şu salgy boýunça ýükläp alyp bolýar. Anketany özüň gowşursaň hem, elektron poçta arkaly ugratsaň hem bolýar.
Goşmaça maglumaty şu elektron salgydan alyp bolar: AshgabatEducation@state.gov.
Anketalar 2020-nji ýylyň 18-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......