Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy

  • 04.12.2019 10:03
  • 4.4k+

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäherde abadançylygy we arassaçylygy ýokary hilli üpjün etmek, ekologiýa derejesini talabalaýyk ýagdaýda saklamak hem-de şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherini bezemek üçin bäsleşik yglan edildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýerli raýatlar bu işe uly höwes bilen girişdiler.
Häzirki döwürde şäheriň ýollaryny, meýdançalaryny, seýilgählerini we edara binalaryny baýramçylyklara mahsus derejede bezemek işlerine giň gerim berildi.
Döwlet Baştutany Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralarda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesiniň, gazanylýan üstünlikleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Şunda paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümine we ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra häkim häzir paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanandygyny habar berip, Gurbanguly Berdimuhamedowdan paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanşyp, taýýarlanylan taslamalar barada degişli belliklerini aýdyp bermegini haýyş etdi.
Döwlet Baştutany Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalar bilen ýakyn wagtda tanyşjakdygyny aýdyp, häkime degişli tabşyryklary berdi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......