BMW we Great Wall elektromobilleriň önümçiligi boýunça kärhana gurarlar

  • 04.12.2019 01:24
  • 3.7k+

BMW we Great Wall bilelikde täze işe girişerler, onuň esasy maksady – Hytaýda ýylda 160 000 elektromobiliň önümçiligi boýunça kärhana gurmak. Onda BMW modelleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi, şol sanda elektrik Mini hem öndüriler.
Üç gapyly elektrik Mini Cooper SE geçen aýda hödürlenilipdi. Ol 184 at güýçli kuwwatly herekete getiriji bilen üpjün edilen we 100 km/sag çenli 7,3 sekuntda bat almaga ukyply. Hetçbegiň akkumulýator batareýiniň sygymy ýokary däl – bary-ýogy 32,6 kWt/sag., şonuň üçin bellenilen awtonomlygy – WLTP sikli boýunça 270 km çenli. Bu bolsa hakykatda onuň ýolunyň 200 km-e ýetjegi gümanly diýmekdir.
BMW-de Hytaý bazaryny geljegi uly hasaplaýarlar, şonuň üçin kärhana-da hut şu ýurtda dörediler. Kompaniýa onuň üçin 650 million ýewro maýa goýýar. Kärhana Szýansu welaýatynyň Çžanszýagan şäherinde ýerleşer.
BMW, umuman aýdanyňda, Hytaýyň elektromobilleriniň bazaryny haýran galdyrmaga dyrjaşýan ýeke-täk kompaniýa däl. Dünýäniň köp öndürijileri hem onuň geljegini ýokary bahalandyrýarlar.

şu gün 14:18
1.5k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

şu gün 13:52
2.2k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

şu gün 11:35
1.2k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

şu gün 10:57
2.6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...