29 ýaşly millioner nämä hiç haçan pul sarp etmeli däldigini aýtdy

  • 04.12.2019 01:15
  • 15k+

Wideobloger Grem Stefan aýda $220 müň gazanýar we bu pullaryň bary-ýogy 1%-ni sarp edýär. Ol YouTube-daky wideoblog arkaly pul gazanýar, gozganmaýan emlägine maýa goýýar.
26 ýaşynda Stefan $26 mln gazandy. Häzir ol 29 ýaşynda, ol, esasan, tygşytlylygyň kömegi bilen millioner bolup bilendigini belleýär. “Men öz girdejimiň 99% töweregini tygşytlaýaryn, sebäbi meniň girdejim örän ýokary, çykdajym bolsa – pes” – ol aýdýar.
29 ýaşly millioner CNBC-de özüniň esasy ýörelgesiniň – puly kofä ýa-da gymmat eşige sarp etmezlikdigini gürrüň berdi. Ol Starbucks ýa-da Coffee Bean-däki bahalary “bolgusyz” hasaplaýar, şonuň üçin ol ýerden kofe satyn almaýar. Muňa derek ol kofäni özi taýýarlaýar – bir kürüşgä 20 sent gidýär.
Şeýle-de, wideobloger dizaýner eşiklere puly nädip sarp edip bolýandygyna düşünip bilmeýär. “Men Aldo ýa-da H&M gidip bahasynyň ýüzden bir bölegine meňzeş köwüş satyn alyp bolýarka, Gucci köwşüne $700 sarp etmegi manysyz hasaplaýaryn” – Stefan diýýär.
Öň maliýe maslahatçysy Sýuzi Orman kofe üçin iňňän köp pul sarp edýän ýaş amerikalylary ýazgarypdy. Onuň pikirine görä, bir stakan latte kofesini satyn almak — bu million dollary suwa akdyryp goýbermek diýip hasaplaýar. Çünki «Starbucks-yň» adaty müşderisi 40 ýylyň içinde şol assortimentiň kofelerini satyn almadyk bolsa, şonça gazanyp bilýär.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......