Şenbe güni geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.
Maslahatyň barşynda «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagyň tertibini düzgünleşdirýär we raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagy amala aşyrýan edaralaryň işiniň guramaçylyk, hukuk esaslaryny kesgitleýär.
«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Bilim, farmasewtika, lukmançylyk, gurluşyk, nebitgaz işlerinde, elektroenergetika, himiýa senagatynda, aragatnaşyk, ulag gatnawlary, tohumçylyk, maldarçylyk, tebigy serişdeleri peýdalanmak we daşky gurşawy goramak we başga-da birnäçe ugurlarda hödürlenýän hyzmatlaryň milli we halkara ülňülerine laýyk gelmegi hökmany talap bolup durýar.
Bu bolsa «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda» Kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup durýar. Ol işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmagyň hukuk esasyny kesgitleýär we Türkmenistanyň çäginde ony amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.
Bellenilişi ýaly, bu resminamanyň maksady önümleriň, işleriň we adamlaryň ömri hem-de saglygy üçin hyzmatlaryň howpsuzlygyny, raýatlaryň emläginiň, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekden, önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň kadalaşdyryş namalarynyň talaplaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelerde şahsy hem-de ýuridiki taraplaryň bähbidini goramakdan ybaratdyr.
Şeýle hem deputatlaryň garamagyna «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda” Kanunynyň taslamasy hödürlendi.
Mundan başga-da, deputatlar «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» , «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda» kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» , «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» ýaly Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.
Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldanyldy we olar kabul edildi.
Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kanunçylyk namalaryny kabul etdi
- 01.12.2019 23:55
- 5.3k+