Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi

  • 01.12.2019 23:24
  • 3.6k+

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda deputatlar «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny biragyzdan kabul etdiler. Şeýle hem «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny kabul etmek üçin ses berildi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti girdejiler boýunça 84 391,7 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 84 291,7 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 23 382,0 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 23 282,0 mln. manat möçberde tassyklanyldy.
Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujeti girdejiler boýunça 76 443,2 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 76 343,2 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 15 433,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 15 333,5 mln. manat möçberde tassyklanyldy.
Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalary diýlip bellenildi.
Türkmenistanyň Mejlisi karary bilen, Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 85 963 595,0 müň manat we çykdajylar boýunça 85 670 944,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigi tassyklanyldy.
«Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň doly görnüşi bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......