Türkmenistan we Özbegistan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

  • 29.11.2019 16:25
  • 3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Özbegistanyň Lideri bilen türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda kuwwatly energetika we ulag düzümini döretmegi, ýöriteleşdirilen halkara guramalary, maliýe düzümleri bilen sebitde we dünýä giňişliginde ygtybarly hem-de utgaşykly tagallalary birleşdirmegi esasy ugur edinýän ýurtlar hökmünde Türkmenistanyň we Özbegistanyň şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe iki ýurduň daşary syýasat hem-de ugurdaş düzümleriniň işjeň goşulmagyny teklip etdi.
Taraplar soňky döwürde Türkmenistanyň we Özbegistanyň dürli pudaklarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň yzygiderli guralýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu işleriň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, oňa kuwwatly itergi bermäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy, dokma senagaty, maşyn gurluşygy, gazy gaýtadan işlemek, gurluşyk, düzümleýin desgalar ýaly ugurlardaky bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň ähmiýetlidigi nygtaldy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......