Türkmenistanda döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portaly işläp başlady

  • 28.11.2019 16:19
  • 7.9k+

«Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň çäklerinde döwlet hyzmatlarynyň we işleriniň ýeke-täk portalynyň — e.gov.tm-iň tanyşdyrylyşy boldy.
Bu portal raýatlar hem-de işewürlik üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge «bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy hökmündedir. «Bir penjire» ýörelgesi hyzmatlardan peýdalanmak üçin ýüz tutýandan resminamalaryň merkezleşdirilen görnüşde kabul edilmegini, şeýle hem resminamalary taýýarlamagyň möhletiniň berjaý edilişine hem-de olaryň berilmegine gözegçiligi üpjün etmegi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki günde resmi hasaba alnan ulanyjy döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri töläp biler. Ýakyn geljekde, Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, hyzmatlaryň gerimi giňeldiler. Olaryň sanawyna işleriň maglumat, aragatnaşyk we mahabat ulgamlary girer, bilim hem medeniýet ulgamlary aýratyn tapgyrda bolar, «Saglyk» diýen bölüm hem bar.
Şunda pasportlary, hasaba almalary, wizalary, sürüjilik şahadatnamalaryny, pensiýalary we kömek pullaryny, salgytlary, iş bilen meşgullanylmagyny resmileşdirmek hem-de telekeçilik işlerinden başlap, durmuş ugurlaryna çenli ençeme beýleki meseleler boýunça onlaýn tertibinde ýüzlenmek bolar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......