«Petronas» Türkmenistanda zyýanly zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatnama düzdi

  • 27.11.2019 21:43
  • 3.5k+

Taýýar önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň esasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz känlerini işläp taýýarlaýan «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy daşky gurşawy durnukly goramak boýunça toplumlaýyn meýilnama taýýarlady. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň neşiri habar berýär.
Meýilnamada bellenilen çäreler malaýzilaýaly operatoryň Türkmenistanyň çägindäki işjeňliginde, hususan-da, önümçilik desgalarynyň golaýynda tebigaty goraýjylyk düzümini berkitmäge gönükdirilendir. Zyýanly zyňyndylary we galyndylary azaltmak, şeýle hem önümçilikde energiýadan we suwdan rejeli peýdalanmak kompaniýanyň esasy üns merkezinde durýar.
«Petronas» şeýle hem kompaniýanyň işgärleri, potratçylary, Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň hünärmenleri üçin prezentasiýa görkezdi, onuň dowamynda howanyň üýtgemegi boýunça halkara konwensiýalaryna we beýannamalaryna laýyklykda ekologiýa deňagramlylygyny gorap saklamakda taraplaryň borçlary dogrusynda gürrüň edildi.
Mundan başga-da, tokaýlaryň meýdanyny giňeltmek, daşky gurşawy goramak boýunça duşuşyklary, beýleki ekologiýa çärelerini yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar. 2019-njy ýylyň mart aýyndan bäri «Petronas» subpotratçylary bilen bilelikde Türkmenistandaky desgalaryna golaý zolaklarda üç müňe golaý agaç nahallaryny oturtmak işlerini geçirdi.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......