Eýran Türkmenistany, Yragy we Türkiýäniň baglanyşdyrjak ulag geçelgesini açar

  • 26.11.2019 05:16
  • 5.9k+

2020-nji ýylyň ýazynda Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäniň baglanyşdyrjak «Gündogar-Günbatar» ulag geçelgesi işe giriziler. Bu barada Orient agentligi ýol we şäher ösüşi ministriniň orunbasary, ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça kompaniýanyň ýolbaşçysy Heýrolla Hademiniň ISNA agentligine beren interwýusyna salgylanyp habar berýär.
Bellenilişi ýaly, awtoulag geçelgesi Sarahsda türkmen-eýran serhet nokadyndan başlanyp, Maşada barar, ondan soňra Tährana ýeter. Şol ýerden hem Yraga we Türkiýä barýan iki bölünip gider.
«Bir şaha demirgazyk-günbatarda Töwrize, beýlekisi Tähranyň günbataryna Hemedana gider» - diýip Hademi düşündirdi.
Berlen maglumatlara görä, Töwrizden çykjak geçelgäniň demirgazyk-günbatar ugry Marand şossesine çykar, ol ýerdenem «Bazergan» eýran-türk serhet nokadyna çykmaga mümkinçilik alar.
Günbatar şaha Hemedana ýetip, Kürdüstan welaýatynyň merkezi bolan Senendejom şäheri bilen biriger. Ol ýerden Yrak bilen serhetdäki «Başmak» gözegçilik nokadyna çenli indiki ýylda işe giriziljek uzynlygy 105 km bolan dörtzolakly awtobanyň gurluşygy dowam edýär.
Belläp geçsek, Sarahs (Türkmenistan) – Sarahs (Eýran) geçelgesi Eýrandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksport harytlarynyň iberilýän möhüm logistika geçelgesine öwrüldi.
Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň mart-sentýabr aýlarynda «Sarahs» gümrük gullugyndan demir ýol arkaly Merkezi Aziýa 600 müň tonnadan gowrak haryt eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründen 90 göterim artykdyr.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......