Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisinde möhüm ylalaşyklar gazanyldy

  • 25.11.2019 07:24
  • 2.4k+

23-nji noýabrda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maslahatlaşyldy.
Toparyň mejlisi tamamlanandan soň, gol çekilen Teswirnama laýyklykda, Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri Özbegistandan bolan hyzmatdaşlary bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň anyk çärelerini bellediler.
Hususan-da, telekeçilik ulgamynda işewür gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmen-özbek işewürler geňeşini geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Uztreýd» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin «ISUZU» kysymly awtobuslary ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Özbegistanda öndürilen beýleki kysymly awtotehnikalary hem Türkmenistana ibermäge hemme mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Öz nobatynda, türkmen tarapynyň wekilleri özbek hyzmatdaşlaryna, olaryň ýurduna «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň karbamid, kükürt kislotasy, bişofit hem-de himiýa senagatynyň beýleki önümlerini ibermegiň mümkinçilikleri barada habar berdiler.
Mejlisiň dowamynda iki döwleti birleşdirýän ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüsiniň strategik ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bilelikdäki iri düzümleýin, şol sanda täze ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......