Dubaýda Türkmenistanyň Baş konsullygy işläp başlady

  • 25.11.2019 06:50
  • 2.9k+

23-nji noýabrda Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň bellemegine görä, bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, şeýle hem BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň, Dubaý şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Birleşen Arab Emirliklerindäki Baş konsuly Y.Amanow Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň açylyşynyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryna uly goşant goşjakdygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhum orny eýelejekdigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabarasyndan soň bu çärä gatnaşan myhmanlar BAE-de Türkmenistanyň Baş konsullygynyň açylyşyna bagyşlanan resmi kabul edilşige gatnaşdylar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......