Tailand 2021-nji ýyldan başlap, bir gezeklik plastiklerden ýüz döndürer

  • 24.11.2019 23:40
  • 2.8k+

Tailandda bir gezeklik üçin niýetlenilen oksodargaýan paketleri we gapaklary öndürmekligi hem-de satmaklygy gadagan ederler. 2022-nji ýyldan bolsa, bu gadaganlyk plastik stakanlara, polietilen paketlere we içgiler üçin niýetlenýän turbajyklara hem degişli bolar.
Tailandyň hökümeti ýuwaş-ýuwaşdan bir gezeklik plastikleriň dört görnüşinden ýüz öwürmegi meýilleşdirýär, şol sebäpli 2021-nji ýyldan ýurtda bir gezeklik oksodargaýan paketleriň, plastik mikrogranullaryň we gapaklaryň önümçiligi we satuwy gadagan ediler, diýip Coconuts Bangkok ýerli neşiri habar berýär.
2022-nji ýyldan gadaganlyk plastik stakanlaryna, polietilen paketlere, içgiler üçin niýetlenilen turbajyklara we penopolistirol iýmit konteýnerlere çenli ýaýradylar.
Gadagan etme bozulan ýagdaýynda berilýän jerimäniň möçberi entek habar edilenok.
Tailandyň iri supermarketleri plastik paketlerden eýýäm 2020-nji ýylyň ýanwaryndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýärler.
Russiýada hem plastikden boýun gaçyrmaklyga taýýarlanylýar: oktýabrda Rospotrebnadzoryň dükanlar üçin niýetlenilýän bir gezeklik paketleriň önümçiligini tapgyrma-tapgyr peseltmegiň kanuny taslamasynyň üstünde işleýändigi belli boldy. Paketleriň doly gadagan edilmesine çenli olaryň önümçiligini kem-kemden peseltmek meýilleşdirilýär.
Gruziýada eýýäm polietilen paketlerini ulanmaklyk, öndürmek we import etmek gadagan edildi. Önümçilik we import üçin jerime $185 töweregine barabar.
Eweresti boýun egdirmek isleýänler hem plastiksiz oňmaly bolýar: Nepal hökümeti Ewerestiň özünde we oňa ýakyn bolan Khumbu Pasanglham sebitinde 2020-nji ýyldan bir gezeklik plastikleri gadagan edýändigini mälim etdi. Syýahatçylaryň we alpinistleriň üznüksizligi zerarly dag hem, tutuş sebit hem zibile batdy.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......