Harby gullukçylar tölegsiz sürüjilik okuw sapaklaryna gatnaşýarlar

  • 23.11.2019 17:22
  • 6.1k+

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edýän esgerlere döredilýän amatly mümkinçilikleriň hatarynda awtomobil sürmäni öwrenmek üçin tölegsiz kurslara gatnamak hem-de sürüji wezipesine bellenmek mümkinçilikleri bar. Häzirki wagtda amala aşyrylýan güýzki çagyryş möwsüminde milli goşunymyzyň hatarlaryny dolduran ýaş esgerler bu mümkinçiliklerden işjeň peýdalanýarlar, diýip «Milli goşun» elektron neşiri habar berýär.
Ýörite ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby bölümlerinde awtoulagy dolandyrmaga höwes edýänler hasaba alynýar. Saýlap-seçilen harby gullukçylardan toparlar döredilýär we Hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdeplere gatnadylýar. Okuwlar iň täze sanly 3D tehnologiýalaryň – awtoulagy dolandyrmagyň hakykata ýakyn görnüşi bar bolan ýörite türgenleşik otaglarynyň kömegi bilen geçirilýär. Okuwy geçenlerinden soň harby gullukçylar ýerli polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bölümlerinde synag tabşyrýarlar.
Sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolan Watan goragçylary harby bölümlerdäki ýörite awto-rotalara paýlanylyp, diňe bir awtoulaglary dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olary bejermegi öwrenmäge hem mümkinçilik gazanýarlar.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......