Smartfonda awiarežimi ýakmak nämä gerek?

  • 23.11.2019 16:40
  • 8k+

Uçaryň uçuşyndan we gonuşyndan öň uçarbeletler hemişe ähli elektron enjamlary öçürmegi ýa-da olary awiarežime geçirmegi tabşyrýarlar. Eger-de siz smartfonda awiarežimi ýakmagy ýatdan çykarsaňyz, onda nähili howp ýüze çykyp biler?
Awiarežim näme?
Awiarežim, adyndan belli bolşy ýaly, adaty mobil torlary elýeterli bolmadyk ýagdaýlarynda uçuş wagtynda telefondan peýdalanmak üçin döredilipdir. Şol bir wagtda ähli tor birikmeleri öçürilýär: mobil maglumatlary, Wi-Fi, Bluetooth we NFC. Telefonyň doly öçürilmesi hem şeýle netijäni berer, ýöne gurluşyň awiarežime geçirilmegi has ýerbe-ýer we çalt ýagdaýda amala aşyrylýar.
Uçarda awiarežimi ýakmasaň, nähili ýagdaý ýüze çykar?
Birinjiden, sizi rahatlandyrjak maglumat: siziň ýa-da ýolagçylardan kimdir biriniň smartfonda awiarežimi ýakmagy ýatdan çykarandygy sebäpli size hiç hili çynlakaý howp salynmaz we hatda awiasion heläkçilik hem abanmaz.
Häzirki wagtda uçarlary dolandyryş ulgamy öýjükli torlardan hiç hili päsgelçiligi kabul etmez ýaly ýeterlik derejede kämilleşdirilendir. Elbetde, muny doly derejede inkär etmek bolmaz. Ýöne bort enjamlarynda päsgelçilik ýüze çykaýan ýagdaýynda-da bu howp uçuşa hiç hili täsir etmeýär.
Onda näme üçin heniz hem telefony awiarežime geçirmegi tabşyrýarlar?
Bir tarapdan, bu awiakompaniýalaryň ätiýaçly bolmagy bilen bagly: işleýän telefonlar barybir uçarmanlaryň radioaragatnaşygyna täsir edip bilýärler. Şeýle ýagdaýyň ýüze çykmak mümkinçiligi az, ýöne ol bar. Bu howpsuzlyga düýpli päsgel bermese-de, uçarmanlar üçin oňaýsyzlygy döredip bilýär.
Beýleki bir tarapdan – häzirki wagtda awiarežim enjamlaryň howpsuzlygy üçin gerek bolşy ýaly, ýolagçylaryň rahatlygy üçin hem gerekdir: uçuş we gonuş wagtynda olaryň biri-birine telefon gepleşikleri bilen päsgel bermez ýaly. Mundan başga-da, käbir ýagdaýlarda uçarbeletler diňe bir enjamlary öçürmegi ýa-da ony awiarežime geçirmegi tabşyrman, eýsem, ony öňdäki kreslonyň jübüsine aýyrmagy tabşyrýarlar. Bu güýçli gonuş we şowsuz uçuş bolan ýagdaýynda ätiýaçlykdyr – güýçli silkmede siz telefony eliňizden gaçyrmarsyňyz, ol bolsa başga bir ýolagça düşmez.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......