Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň täze ugurlary hereket edip başlady

  • 23.11.2019 06:36
  • 5.8k+

Aşgabatda şäheriniň täze ýaşaýyş zolaklaryny, durmuş we medeni ähmiýetli desgalary ulag kommunikasiýalary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi jemgyýetçilik ulaglarynyň täze ugurlaryny herekete girizdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetine salgylanyp, Arzuw NEWS habar berýär.
Bellenilişi ýaly, № 41 we № 68 belgiler boýunça iki sany ugur işe girizildi. Bu ugurlarda döwrebap Hyundai awobuslary hereket eder. № 41 belgili awtobus «Awtokombinat — Atamyrat Nyýazow şaýoly — Andalyp köçesi — «Atamyrat Nyýazow şaýoly — «Altyn asyr» Gündogar bazary» ugry boýunça hereket eder. № 68-lik awtobus bolsa, «Bagyr – Görogly köçesi – Herrikgala – Gurbansoltan eje şaýoly – Aba Annaýew köçesi – Magtymguly şaýoly – Atamyrat Nyýazow şaýoly - «Altyn asyr» Gündogar bazary» ugry boýunça hereket eder.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......