Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar

  • 23.11.2019 06:20
  • 3.8k+

28-29-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrylar. Iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky gepleşikler 28-nji noýabra meýilleşdirildi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygynyň bolmagy meýilleşdirilýär. Iki ýurduň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine serederler.
29-njy noýabrda Türkmenistanyň Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Onuň dowamynda döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlara degişli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada maslahatlaşarlar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji Konsultatiw duşuşygy 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda geçirildi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......