H.Hudaýberdyýew «Türkmenistanyň halk artisti» diýen ada eýe boldy

  • 23.11.2019 06:11
  • 2.5k+

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň medeniýet bölüminiň režissýory Hakberdy Hudaýberdyýew «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada eýe boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär.
Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Resminamada bellenilişi ýaly, bu hormatly ady dakmaklyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan saldamly goşandy üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, çeperçilik ussatlygyny we joşgunly zehinini nazara alyp karar edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen uly goşant goşýarlar. Döredijilik işgärleriniň ak ýürekden çekýän zähmetinden dörän ajaýyp eserler beýik Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar döwrümizi has-da dabaralandyrýar, eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini, merdana halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini dünýä ýaýýar.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......