Ýewropa Bileleşiginiň wekili Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bilen duşuşdy

  • 23.11.2019 03:55
  • 3.3k+

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burianyň Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň geosyýasy nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi. Taraplar “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň ÝB-niň ähli ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini nygtadylar.
Türkmenistanda maýa goýumlary üçin amatly şertleriň bardygyny tassyklap, taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem oba hojalyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa goragy we gaýtadan ulanylýan energiýa çeşmeleri boýunça bilermenleriň alyşylmagynyň zerurlygy nygtaldy.
Konstruktiw gepleşikleriň netijesinde taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşine ynam bildirdiler.
Şeýle hem P.Burianyň Türkmenistanyň Daşary işler ministiriniň orunbasary W.Hajiýew bilen duşuşygy boldy. Türkmenistan bilen ÝB-niň özara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejeliligini belläp, taraplar syýasy-diplomatik gepleşikler, söwda-ykdysady aragatnaşyklar hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar energetika, ulag-üstaşyr ulgamyny özgertmek, saglygy goraýyş, ekologiýa we bilim pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropa Kommisiýasynyň goldawynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň netijeliligi barada hem bellenip geçildi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......