Türkmenistanda «SPEKA günleri» tamamlandy

  • 23.11.2019 03:36
  • 766

20-21-nji noýabrda Aşgabat şäherinde «Arabaglanyşyk: SPEKA sebitinde durnukly ulag we ösüş hem-de söwdanyň ýeňilleşdirilmegi» mowzugy boýunça SPEKA-2019 Ykdysady forumy geçirildi.
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guralan foruma, halkara guramalaryň yolbaşçylary we hünärmenleri, SPEKA-nyň agza-döwletleriniň wekilleri, maliýe guramalaryň, şeýle-hem Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň we ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumda çykyş eden Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň, ESKATO-nyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň, şeýle-hem Türkmenistandaky BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri Türkmenistanyň konstruktiw sebitleýin we halkara gepleşigini ösdürmek işinde eýeleýän möhüm orny barada aýtdylar. Şeýle-hem özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda söwda we ulag ulgamlarynyň ýer alýandygy nygtaldy.
Çärä gatnaşyjylar söwda gatnaşyklaryny alyp barmagyň kadalaşdyryjy tertibini ýenilleşdirmek hem-de ulag ulgamlarynyň arabaglanyşygyny ösdürmek mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Taraplar sebitleýin bazarlara elýeterliligi ýenilleşdirmek, şol sanda hem üpjünçiligiň serhetara torlarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen öz tekliplerini we maslahatlaryny berdiler. Bu tagallalaryň SPEKA-nyň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky arabaglanyşygyny güýçlendirmäge gönükdirilip, bularyň öz nobatynda sebite täze maýa goýumlarynyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çekjekdigini bellenildi.
Forumyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar SPEKA-nyň sebitinde arabaglanyşygy pugtalandyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň kadalaryny, standartlaryny we maslahatlaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda böwetleri azaltmak boýunça «Aşgabat başlangyjyny» kabul etdiler.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......