Türkiýede Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň türk dilindäki nusgasy tanyşdyryldy

  • 22.11.2019 05:06
  • 1.4k+

Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy, Stambul şäherindäki Baş konsullygy, TÜRKSOÝ türki medeniýetiň halkara guramasy we Stambul uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, dabara Stambul uniwersitetiniň rektory Mahmut Ak, uniwersitetiň talyplary we mugallymlary, TÜRKSOÝ guramasynyň başlygynyň orunbasary, Türkiýäniň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň we Baş konsullygynyň işgärleri, ýerli döwlet we jemgyýetçilik guramalary, işewürler we metbugat wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýew, Stambul uniwersitetiniň rektory M. Ak we beýleki resmi adamlar çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki türkmen topraklarynyň üstünden geçendigini we türkmen halkynyň bu taryhy geçmişini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksady bilen ýurdumyzda amala aşyrylan işler we çäreler barada giňişleýin bellenip geçildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň türk diline neşir edilmeginiň ähmiýeti barada bellenip geçildi.
Çäräniň çäginde hormatly Prezidentimiziň döreden eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Dabaranyň ahyrynda türkmen milli tagamlary hödür edildi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......