Çaganyň hukuklary boýunça Konwensiýanyň girizilmegine 30 ýyl boldy

  • 22.11.2019 04:59
  • 1k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi.
Bu çärä UNICEF-yň Türkmenistandaky wekili, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Bilim ministri, UNICEF-yň hünärmenleri, DÖM-nyň ýaş ilçileri, ýurdumyzda akkreditirlenen beýleki halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň hem-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarynyň dowamynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň taryhy barada gysgaça gürrüň berildi. Konwensiýanyň 30 ýyllygynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kämilleşdirilmegine itergi bermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellenildi. Çagalaryň hukuklary bilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginiň berk baglanyşyklydygy barada hem bellenilip geçildi.
Çäräniň barşynda Konwensiýanyň kabul edilen pursadyndan bäri beýleki ýurtlaryň tejribesi barada, halkara guramalaryň we KHBS-niň çagalaryň huhuklarynyň kämilleşdirilmeginde, çagalaryň hukuklary we bu ugurda işleri alyp barmaklygy hem-de hususyýetçiligiň sosial jogapkärçiligi barada aýdyldy. DÖM-nyň ýaş ilçileri «Biziň çagalarymyz we ýaşlarymyz üçin isleýän Dünýämiz» atly tema boýunça çykyş etdiler.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......